2020-2021-nji ýyly boýunça dalaşgärler üçin resmi kagyzlaryň kabul edilişiginiň başlanmagy

01.06.2020

“TÜRKMENARAGATNAŞYK” AGENTLIGINIŇ POLITEHNIKI ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI 2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edilýändigini yglan edýär:

1. Ulaglarda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak.

2. Köp kanally telekomunikasiýa ulgamlary.

3. Telekomunikasiýa ulgamlarynyň maglumat taýdan howpsuzlygy.

4. Aragatnaşyk ýaýlymlary we komunikasiýa ulgamlary.

5. Logistikada operasion işi.

6. Kompýuter torlary.

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäşleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl we tölegli.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2020-njy ýylyň 6-njy iýuly – 8-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

Bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylýan arza;

Bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

Umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

Soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnam;

Bellenilen nusga boýunça okuw üçin töleg öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

Işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boyunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyňasyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

Şahsy pasportyny;

Turkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Politehniki orta hünär okuw mekdebi

Baş sahypa

Dalasgär ücin

Okuw meyilnamalar

Biz barada

Habarlaşmak üçin

Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64

Telefon: +993 12 34-58-00

Telefon: +993 12 34-69-59

Email: politehnikum@online.tm