Sanly Ykdysadyýet

15.09.2020

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde uly işlere badalga berýär. Ýurdumyzda bilim ulgamyny düýpli özgertmekde, ýaş nesilleri ýokary derejeli bilim bermekde, şol sanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly wezipeleri öňde goýýar. Milli liderimiziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek bilen bagly wajyp wezipeleri öňe sürmegi tötänden däldir. Sebäbi bu öňde baryjy ugruň ösdürilmegi diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň hil taýdan täze derejelerine çykmagyna itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, hyzmatlar ulgamynyň işine hem şu güniň ösen talabyna laýyk ýola goýmaga mümkinçilik berer. Hut şu talaplardan ugur alyp, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilimiň ähli basgançaklaryny ýokary elektron maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanmak, bilim ulgamynyň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek döwrüň talaby bolup durýar.

Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlaryň bilimlerini “Sanly ykdysadyýet” we “Sanly ulgam” derslerinden ýokarlandyrmak maksady bilen ýokary okuw jaýlarynda ýokary derejeli taýýarlaýyş okuwlara gatnaşmaga ugradýarys. Gelejekde öz Politehniki orta hünär okuw mekdebimiziň talyplarynyň ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin, agzybir mugallymlary bolup ähli bilimlerimizi gaýgyrman bilim bererler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly döwlet baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirýän “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, onuň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we oňa sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagaty ösdürmek, adamyň aň-bilim derejesine, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, ukyply sanly ykdysadyýeti döretmek sanly ulgama geçmegiň esasyny düzýär. Konsepsiýany amala aşyrmagyň birinji tapgyry 2019-njy ýyly öz içine aldy. Bu tapgyr sanly ykdysady ösdürmek boýunça 2019-njy ýylda durmuşa geçirildi. Bu tapgyrda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar binýady seljerilip, edaralaryň, kärhanalaryň sanly ykdysadyýeti ösdürmekde taýýarlyk derejeleri kesgitlenildi hem-de olaryň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça bäsleşikleri yglan etmek, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak göz öňünde tutuldy. Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň okuw bölüminiň müdiriniň meýilnamasy esasynda okuw ýylynyň 2-nji ýarym ýyllygyndan başlap hemme ugurlar boýunça “Sanly ykdysadyýet” we “Kompýuter sowatlylygy” dersi goşmaça girizildi. Häzirki wagtda biziň Politehniki orta hünär okuw mekdebimizde sanly ulgam we sanly ykdysadyýet dersine degişli temalar biziň agzybir mugallymlarymyz tarapyndan has güýçli depginde okadylýar. “Kiber howpsyzlyk”, “Maglumatlary goramak”, ”Sanly bilim” we “Sanly ykdysadyýet” temalardan ýokary okuw jaýlaryndan mugallymlary çagyryp duşuşyklar geçirilýär. Mekdebimizde okuw maddy tehniki binýadynyň telefon-tejribe otagyndaky telefon stansiýasyny kämilleşdiriş işleri dowam edýär. Talyplaryň bilim derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmak maksady bilen telefon-tejribe otagyndaky telefon stansiýasynda, “Aragatnaşykçy”, “Kompýuter dünýäsi” gurnaklarda işler alnyp barylýar.

Ikinji tapgyry 2023-nji ýyla çenli dowam eder. Ýurdumyzda döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, işe girizmek we onuň sazlaşykly işlemegini ýola goýmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem maglumat üpjünçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek bellenilýär. Bu tapgyrda hyzmatlaryň dürli görnüşleriniň bir ýerde jemlenen köpugurly “Bir penjire” ulgamynyň maglumatlary toplaýyş, işleýiş we goraýyş milli maglumat merkezini döretmek hem-de bu ulgamyň işini döwrebap ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça wezipeleriň durmuşa geçirilişini netijeli dolandyrmak maksadynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap enjamlary, tehnologiýalary we programma üpjünçiligini ornaşdyrmak arkaly sanly ykdysadyýetiň görkezijiler ulgamyny hem-de usulyýetini işe girizmek meýilleşdirilýär.

Politehniki orta hünär okuw mekdebimizde internet ulgamynyň elýeterliliginiň hasabyna “Sanly resminama dolanşygy” programmalary gurnaldy we ulanylyp başlandy. Ýokary guramalar we beýleki edara-kärhanalaryň arasynda maglumat alyş-çalşygy amala aşyrmaklyk mümkinçiligi döreýär.

Üçünji tapgyra 2024-2025-nji ýyllar degişli edilip, onda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly intellektual tehnologiýalaryň hem-de usullarynyň kämilleşdirilmegini we ornaşdyrylmagyny dowam etdirmek, ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmekde, ony ösdürmekde gazanylan oňyn tejribeleriň esasynda has netijeli taslamalaryň ornaşdyrylmagyny giňden ýaýbaňlandyrmak, sanly intellektual tehnologiýalaryň özleşdirilmegi bilen, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň ähli umumy sanly ykdysady ulgamyna sazlaşykly goşulmagyny gazanmak, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak bilen bagly wezipeler bellenilýär.

Konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Garaşsyz watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarmaga mümkinçilik berer. Häzirki şertlerde ýurtlaryň ösüşi ozaly bilen, ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak, ýokary tehnologiýalary düýpli we amatly barlaglaryň netijelerini peýdalanmak, sanly ulgama geçmäge esas bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ähli ulgamlarda belent sepgitlere ýetilip, halka edilýän hyzmatlaryň hil derejesi gün-günden ýokarlanýar.

Ylmy nukdaýnazardan, sanly ykdysadyýetiň adaty ykdysadyýetden esasy aýratynlygy bar bolan ähli maglumatlary peýdalanmagyň hasabyna, oňa ähli gatnaşýanlaryň talaplaryny gysga möhletde kanagatlandyrmakdan ybarat. Sanly ykdysadyýet munuň özi sanly maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamydyr. Sanly ykdysadyýet ykdysady we durmuş çäreleriniň ähli umumy ulgamy bolmak bilen, Internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady nusgany emele getirýär. Sanly ykdysadyýet wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga şert döredýär.

Politehniki orta hünär okuw mekdebimizde “Türkmenaragatnaşyk” agentligine degişli edara-kärhanalaryň işgärleriniň bilim derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen we iş ýerlerinde ornaşdyrylan programmalary doly dolandyrmakda we iş ýerlerinde peýdalanmakda gysga möhletli okuwlarda ugrukdyrylan “Kompýuter torlary”, “Kompýuter sowatlylygy”, “Maglumat howpsuzlygy” derslerinden 2020-nji ýylyň ýanwar we fewral aýlarynda sapaklar geçirildi, häzirki döwürde gysga möhletli edara-kärhanalaryň işgärleriniň bilim derejelerini ýokarlandyrmak okuwlary tapgyrlaýyn dowam edýär.

Politehniki orta hünär okuw mekdebi

Baş sahypa

Dalaşgär üçin

Okuw meýilnamalar

Biz barada

Habarlaşmak üçin

Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64

Telefon: +993 12 34-58-00

Telefon: +993 12 34-69-59

Email: politehnikum@online.tm