Şu günki orta hünär mekdebi

Habarlar

Politehniki orta hünär okuw mekdebinde okaýan talyplar sapaklardan daşary öz boş wagtlaryny, sportda, döredijilikde we ylmy ugurdan gyzykly geçirip bilerler. Biziň garamagymyzdan gidýän hünärmenler, köpçülige yolbaşçylyk etmegi, agzybirlik, maksada okgunlylyk ruhunda terbiýelemegi, nazary bilimini we tejribelik endiklerini yzygiderli kämilleşdirmegi, oz hünäri ugrundan toplanan ylmy maglumatlara düşünip, olaryň işinde ulanmagy, zähmeti ylmy nukdaýnazarda guramagy başarmalydyr.Muňa okuwymyzy tamamlap, ýurdumyzyň ähli sebitinde, dürli edara-kärhanalarynda häzirki wagtda ýokary wezipeleri eýeleýän uçurumlary mysal edip bolar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralyndaky PP-653 belgili Permany we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 7-nji fewralyndaky 1634 belgili Karary, "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň 2020-nji ýylyň 6-njy martyndaky №15 belgili buýrugy esasynda "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi diýip hasap edildi. Politehniki orta hünär okuw mekdebinde orta hünär bilimi boýunça 6 sany hünärler boýunça talyplar okap bilim alýarlar. Olar Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary, Logistikada operasion işi, Kompýuter torlary, Köp kanally telekommunikasiýa ulgamlary, Telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat taýdan howpsuzlygy, Ulaglarda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak, şeýle-de başlangyç hünär bilimi boýunça 5 sany hünärler bar olar, Aragatnaşyk operatory, Aragatnaşyk montažçysy, Radio we telefon aragatnaşyk enjamlarynyň montažçysy, Telefon aragatnaşygy we geçirijili goýberşiň çyzgyly-kabel desgalaryny abatlamak, Sanly maglumaty işläp taýýarlamak boýunça ussasy ýaly hünärler boýunça talyplar okap bilim alýarlar.

Sport komandamyzyň ady “Politehnikum”. Ballakow we Titow ýaly talyplarymyz ýurdumyzyň “Altyn asyr” futbol toparynda oýnaýarlar, galyberse-de, talyplaryň durmuşynda sportuň beýleki görnüşlerinden ýagny, mini-futbol, welosport, woleýbol ýaly sport toparlar döredilip,okuwyň çäginde dürli sport çäreler gyzykly we giňden geçirilýär.

Politehniki orta hünär okuw mekdebinde öz talyp durmuşyny gyzykly geçirýän Annaýew Merdan aýdym aýdyp, studiýalarda saz, klip ýazýar. Talyp gyzlarymyz şol sanda tikinçilik bilen meşgullanmaga-da, wagtlaryny sarp edip bilerler. Okuwyň hususy tans topary hem bar, galyberse-de, medeni çäreler, wagyz-nesihat işleri, sergiler geçirilip, oňa her bir talyp gatnaşyp biler.

Politehniki orta hünär okuw mekdebi

Baş sahypa

Dalasgär ücin

Okuw meyilnamalar

Biz barada

Habarlaşmak üçin

Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64

Telefon: +993 12 34-58-00

Telefon: +993 12 34-69-59

Email: polithehnikum@online.tm