Politehniki orta hünär okuw mekdebi tejribe otaglar bilen üpjün edilen we häzirki wagtda okuwyň çäginde ussat aragatnaşykçy, kompýuter dünýäsi, logistika we operasion işi, mobil-öýjükli aragatnaşyk gurmak, demir bilen iş salyşmak ussat aragatnaşyk ýaly gurnaklar hereket edip, ýakyn wagtda täze tehnologiýalar zamanasy ýagny 5G, tor gurnama, distansion sebidi döretmek, müňden gowrak kitaply elektron kitaphanasy girizilýär.

Amatly umumy ýaşaýyş jaýy

Umumy Ýaşaýyş jaýy häzirki wagtda 215 orunlyk ýer bilen üpjün edilen we onda ýaşaýyş üçin hemme şertler döredilen. Häzirki wagtda ol ýerde welaýatlardan 67 - sany talyp ýaşap, olardan: 28 sany oglan, 39 sany gyz bolup, Ahal welaýatyndan - 8 sany, Balkan welaýatyndan - 5 sany, Daşoguz welaýatyndan - 19 sany, Mary welaýatyndan- 10 sany talyp ýaşaýar.

Orta hünär boýunça okaýan - 63 sany, başlangyç hünär boýunça okaýan - 4 sany talyp ýaşaýar. Umumy ýaşaýyş jaýynyň salgysy 2015 (A.Garryýew) köçesiniň 78-nji jaýy.

Politehniki orta hünär okuw mekdebinde aşakdaky hünärler boýunça orta bilimli hünärmenler taýýarlanylýar:

Logistikada operasion işi

Telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat taýdan howpsuzlygy

Köp kanally telekommunikasiýa ulgamlary

Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary

Kompýuter torlary

Ulaglarda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak (görnüşler boýunça).

Aragatnaşyk operatory

Aragatnaşyk montažçysy

Radio we telefon aragatnaşyk enjamlarynyň montažçysy

Sanly maglumaty işläp taýýarlamak boýunça ussa

Telefon aragatnaşygy we geçirijili goýberşiň çyzgyly-kabel desgalaryny abatlamak

Politehniki orta hünär okuw mekdebinde jemi 294 sany talyp okap olardan: 128 oglan, 166 sany gelin-gyz bar. Aşgabat şäherinden - 188, Ahal welaýatyndan - 54, Balkan welaýatyndan - 6, Daşoguz welaýatyndan - 22, Lebap welaýatyndan - 13, Mary welaýatyndan - 11 sany talyp okaýar. Ondan başga-da, orta hünär okuw mekdebimizde “Köp kanally elektrik aragatnaşygynyň operatory” başlangyç hünäri boýunça 29 sany talyp gündizki, 21 sany talyp gijeki tapgyrda okaýarlar.

Politehniki orta hünär okuw mekdebinde jemi 25 sany mugallym talyplara bilim berýär.

Sport komandamyzyň ady “Politehnikum”. Ballakow we Titow ýaly talyplarymyz ýurdumyzyň “Altyn asyr” futbol toparynda oýnaýarlar, galyberse-de, talyplaryň durmuşynda sportuň beýleki görnüşlerinden ýagny, mini-futbol, welosport, woleýbol ýaly sport toparlar döredilip, okuwyň çäginde dürli sport çäreler gyzykly we giňden geçirilýär.

Politehniki orta hünär okuw mekdebi

Baş sahypa

Dalaşgär üçin

Okuw meýilnamalar

Biz barada

Habarlaşmak üçin

Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64

Telefon: +993 12 34-58-00

Telefon: +993 12 34-69-59

Email: politehnikum@online.tm