Maglumat

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde ähli hünärler boýunça okuw meýilnamasy Hormatly Prezidentimiziň Bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky Kararlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylýar, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylýar hem-de "Türkmenaragatnaşyk" agentligi tarapyndan ylalaşylýar. Mekdepde okuw döwründe berilýän nazary bilimleri önümçilik tejribeliliginde berkidilýär. Okuwçylaryň önümçilik tejribesi Türkmenistanyň Aragatnaşyk pudagynyň edara-kärhanalarynda, bölümlerinde geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aragatnaşyk ulgamyny has-da ösdürmek, Politehniki orta hünär okuw mekdebinde okaýan geljekki ýaş hünärmenlere bilim berlişiniň hem-de hünär öwredilişiniň derejesini mazmun we hil taýdan has-da ýokarlandyrmak, dünýä ülňülerine laýyklykda kompýuter-internet ulgamyndan peýdalanyp bilmek başarnyklaryny ösdürmek, ösýän hem-de özgerýän jemgyýetimiziň ösen talaplaryna mynasyp bolmak başarnyklaryny kemala getirmek maksady bilen, döwrebap kompýuterler oturdylyp, olara internet aragatnaşyk hyzmatlary birikdirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlaryň döwrebap bilim edep-terbiýe alyp, ata Watana, il-güne mynasyp hyzmat etmegi üçin döredilýän zerur bolan ähli mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Ýurduň geljegi bolan ýaşlarda ruhubelentlik, gaýduwsyzlyk, halallyk, zähmetsöýerlik, agzybirlik, Watany söýmek dostluk-doganlyk ýaly kämil ahlak sypatlaryny terbiýelemek işleri bu mekdepde esasy mesele hasaplanyp, okuw mekdebi häzirki zaman kompýuterleri, beýleki tehniki enjamlary bilen abzallaşdyrylan, okatmagyň, hünär öwretmegiň döwrebap usullaryny giňden ornaşdyrmak, okuw maksatnamalaryny yzygiderli kämilleşdirmek, bu meselede internet ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanyp, dünýä tejribesini öwrenmekligi ýola goýulan.

Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2,5 ýyl hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17-nji iýuly -- 21-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (Aragatnaşyk pudagynda)

Logistikada operasion işi.

Telekommunikasiýa ulgamlarynyň maglumat taýdan howpsuzlygy.

Köp kanally telekommunikasiýa ulgamlary.

Aragatnaşyk ýaýlymlary we kommunikasiýa ulgamlary.

Kompýuter torlary.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy Aşgabat şäherindki 5-nji saglyk öýünden geçilýar. (Merkezi deri-wenerologiýa hassahanasy, neşekeşligiň, arakhorlygyň we ruhy keselleriň öňüni alyş merkezinde ruhy keseller bölüminden kepilnama almaly.

soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;

işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

şahsy pasportyny;

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar. Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Giriş synaglary

Fizika

Matematika

Türkmenistanyň taryhy

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Resmi iş kagyzlaryny kabul etmek boýunça işler Hormatly Prezidentimiziň gazet žurnallaryna çykaran buýrugy esasynda iş kagyzlary kabul edilýär.

Politehniki orta hünär okuw mekdebi

Baş sahypa

Dalaşgär üçin

Okuw meýilnamalar

Biz barada

Habarlaşmak üçin

Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64

Telefon: +993 12 34-58-00

Telefon: +993 12 34-69-59

Email: Info@politehnikum.edu.tm