Hünärmen aragatnaşyk ulgamynda we torlarynda kommutasion stansiýalaryň taslama resminamalaryny taýýarlamak, aragatnaşyk ulgamlaryna degişli bölümlerinde belentlikde antenna maçta gurluşlarda tehniki gözegçilik, aragatnaşyk torlarynyň dolandyryş toplumynyň enjamlaryny gurnamak, aragatnaşyk torlaryny tehniki taýdan kabul etmek we işe girizmek, şeýle-de synag-barlag işlerini, gurnalyş gözleg işlerini geçirmek üçin taýýarlanylýar. Hünärmen aragatnaşyk ulgamynda we torlarynda kommutasion ulgamlarda, habar beriş, ýaýradyş we kabul ediş hyzmatyny amala aşyrýan edara kärhanalarda wezipeleriň sanawy boyunça hünär bilimli hünarmenleriň eýeläp bilyän wezipelerinde işlemek üçin niýetlenen. Hünärmen hünäri boýunça esaslandyryjy derslerden: häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, umumy awtomatlaşdyrylan aragatnaşyk torlarynyň gurluşynyň esaslary, sanly we hasaplayyş tehnikasy, elektrik aragatnaşygyň nazaryýeti bilmelidir. Pudagyň ykdysadyýetini bilmeli, aragatnaşyk torlarynyň taslamasyny düzmeli, aragatnaşyk ulgamynyň we gurluşlarynyň elektrik iymitlendirilişini, optiki süýümli aragatnaşyk liniýalary, zähmeti goramaly, elektrik aragatnaşyk ulgamlaryň dolandyrylyşyny we olaryň programmalaryny üpjün etmeli, maglumat paýlaýyş nazaryýetinden habarly bolmaly, telekommunikasion torlaryndan baş alyp çykmaly.


Hünärmen aragatnaşyk torlary we kommutasiya ulgamlarynyň ylmy-tehniki barlaglaryň esasynda osüşini üpjün etmeli, hyzmatyň hilini ýokarlandyrmaly, ygtybarlylygyny artdyrmaly, elektrik aragatnaşyk torlarynyň we ulgamlarynyň işleýşiniň netijeliligini ýokarlandyrmaly. Şol sanda kommutasiýa enjamlaryna tehniki taýdan hyzmat etmegi, tehniki howpsuzlyk boyunça düşündiriş işlerini geçirmeli we resminamalary dürs ýöretmeli ýagny, elektrik aragatnaşyk serişdeleriniň durkuny täzelemek boýunça, olara tehniki-ykdysady tarapdan baha bermeli, ýyllyk we wagt boyunça bolünen kanallarynyň geçiriş ulgamlarynyň işleýşini we gurluşyny özleşdirmeli, aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegi öwrenmeli, ylmyň we tehnikanyň täzeliklerini özleşdirmeli we ony iş yüzünde yzygiderli ornaşdyrmaly.

Politehniki orta hünär okuw mekdebi

Baş sahypa

Dalaşgär üçin

Okuw meýilnamalar

Biz barada

Habarlaşmak üçin

Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64

Telefon: +993 12 34-58-00

Telefon: +993 12 34-69-59

Email: Info@politehnikum.edu.tm