30.06.2025
Türkmen küştçüsi Saparmyrat Atabaýew 2025-nji ýylyň 18-28-nji iýuny aralygynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilen «UzChess Cup-2025» halkara ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji boldy.
Bu abraýly ýaryşa dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen onlarça küştçi gatnaşdy. Ýaryş dürli derejeli üç toparda gurnaldy: «Masters» (Ussatlar), «Challengers» (Dalaşgärler) we «Futures» (Geljekki ussatlar).
Türkmenistana wekilçilik edýän halkara derejeli küştçi Saparmyrat Atabaýew «Futures» toparyna gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezdi. Ol ýaryşyň ähli tapgyrlaryny üstünlikli geçip, umumy hasapda birinji orny eýeledi. Ol gazanan ýeňşi üçin abraýly ýaryşyň aýratyn kubogy, şeýle-de pul baýragy bilen sylaglandy.
Atabaýewiň üstünlikli çykyşy onuň geljekki halkara ýaryşlaryna gatnaşmak mümkinçiliklerini giňeltdi. Ýaryşy guraýjy komitetiniň kararyna görä, ol has ýokary topar bolan «Challengers» toparynda çykyş etmek hukugyna eýe boldy.
Ýaryşyň jikme-jik netijeleri şu salgylanma boýunça elýeterlidir.
01.07.2025
30.06.2025
30.06.2025
30.06.2025
30.06.2025
Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64
Telefon: +993 12 34-58-00
Telefon: +993 12 34-69-59
Email: Info@politehnikum.edu.tm