26.08.2025
Astrahan şäherinde geçirilýän Hazar mediaforumynyň maksatnamasynyň çäklerinde «Magtymguly Pyragy» türkmen-özbek bilelikdäki çeper filminiň görkezilişi boldy.
Filmiň görkezilişi «Illýuzion» kinoteatrynda geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherindäki konsuly, Hazar mediaforumyna gatnaşmak üçin gelen türkmen wekiliýeti, Astrahandaky ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary, şeýle hem türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni Amandurdy Ataýew ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň Türkmenistanyň medeni mirasyndaky ähmiýetini nygtady, şeýle hem Hazar sebitindäki ýurtlaryň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini belledi.
Biz ozal Astrahanda «Magtymguly Pyragy» türkmen-özbek bilelikdäki filminiň görkeziljekdigi barada habar beripdik.
12.09.2025
12.09.2025
26.08.2025
26.08.2025
26.08.2025
Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64
Telefon: +993 12 34-58-00
Telefon: +993 12 34-69-59
Email: info@politehnikum.edu.tm