CAFA-nyň Milletler kubogynda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň oýunlarynyň tertibi çap edildi

26.08.2025

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) Milletler kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlarynyň tertibini resmi taýdan mälim etdi — diýip, CAFA-nyň metbugat gullugy habar berýär.

CAFA-nyň Milletler kubogy taryhda ikinji gezek geçirilýär. Bu ýaryşa sekiz ýygyndy: CAFA-nyň agzalary bolan Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň we Eýranyň, şeýle hem Omanyň hem-de Hindistanyň ýygyndylary gatnaşýar.

Ýygyndylar iki toparça bölündi. «A» toparçanyň oýunlary Özbegistanda geçiriler. «B» toparçanyň oýunlary Täjigistanda bolar. Toparçalarda birinji orny eýelänler finalda duşuşarlar, ikinji orny eýelänler bolsa bürünç medallar ugrunda oýnarlar. Häzirki wagtda kubogyň hereket edýän eýesi Eýranyň ýygyndysydyr.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy «A» toparçada çykyş eder. Bu toparda onuň garşydaşlary: Oman, Gyrgyzystan we Özbegistan. Türkmen futbolçylary ilkinji oýnuny 30 awgustda Gyrgyzystana garşy geçirer, 2 sentýabrda Özbegistanyň ýygyndysy bilen oýnar, toparçadaky iň soňky duşuşygyny bolsa 5 sentýabrda Omana garşy geçirer.

Bu ýaryş Türkmenistanyň futbolçylary üçin 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogy boýunça güýzde geçiriljek saýlama oýunlara taýýarlyk tapgyry bolar. Bu oýunlar Şri-Lanka bilen 9-njy oktýabrda we 14-nji noýabrda, şeýle hem Hytaý Taýbeýi bilen 18-nji noýabrda geçiriler.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň CAFA-nyň Milletler kubogyndaky oýunlarynyň tertibi:

30-njy awgustda (şenbe), sagat 17:00 — Gyrgyzystan – Türkmenistan

2-nji sentýabrda (sişenbe), sagat 19:30 — Türkmenistan – Özbegistan

5-nji sentýabrda (anna), sagat 17:00 — Türkmenistan – Oman

Politehniki orta hünär okuw mekdebi

Baş sahypa

Dalaşgär üçin

Okuw meýilnamalar

Biz barada

Habarlaşmak üçin

Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64

Telefon: +993 12 34-58-00

Telefon: +993 12 34-69-59

Email: info@politehnikum.edu.tm