Aşgabada Sergeý Ýeseniniň doglan gününiň 130 ýyllygy bellendi

07.10.2025

Aşgabatdaky «Rus öýüniň» meýdançasynda meşhur rus şahyry Sergeý Ýeseniniň doglan gününiň 130 ýyllygyna bagyşlanan medeni agşam geçirilip, ol poeziýa, saz we rus medeniýetiniň muşdaklaryny bir ýere jemledi.

Agşamyň dowamynda Ýeseniniň Watana hem-de tebigata bolan söýgi bilen ýazylan goşgulary okaldy. Şahyryň döredijiliginden ylhamlanyp döredilen saz eserleri ýerine ýetirildi. Gatnaşanlar şahyr hakyndaky täsirli ýatlamalaryny paýlaşdylar.

Myhmanlar dabarada aýratyn joşgunly ýagdaýyň höküm sürendigini belläp, Ýeseniniň poeziýasynyň 130 ýyl geçendigine garamazdan, häzirki wagtda-da öz ähmiýetini ýitirmän, okyjylaryň ýüreginde täsirli orun tutýandygyny nygtadylar.

Agşamlygyň çäginde foto sergi hem açyldy. Sergide şahyryň ömrüniň we döredijiliginiň möhüm pursatlaryny açyp görkezýän suratlar, golýazmalar we onuň şahsy esbaplary görkezilýär.

Politehniki orta hünär okuw mekdebi

Baş sahypa

Dalaşgär üçin

Okuw meýilnamalar

Biz barada

Habarlaşmak üçin

Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64

Telefon: +993 12 34-58-00

Telefon: +993 12 34-69-59

Email: info@politehnikum.edu.tm