«TRT Avaz» Aşgabatda Magtymguly we Arkadag şäheri baradaky filmlerini hödürledi

15.10.2025

Aşgabat şäherindäki «Aşgabat» kinoteatrynda Türkiýäniň «TRT Avaz» teleýaýlymynyň «Dana türkmen Magtymguly» we «Geljegiň şäheri Arkadag» atly dokumental filmleriniň ilkinji görkezilişi geçirildi. Çäräni Türkiýäniň Radiotelewizion korporasiýasynyň (TRT) Türkmenistandaky wekilhanasy hem-de «TRT Avaz» telekanaly bilelikde gurady.

Görkezilişe diplomatlar, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, KHBS-niň wekilleri hem-de paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Birinji film beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň durmuşy we döredijiligi hakda bolup, onuň adyllyk, dost-doganlyk we ynsanperwerlik baradaky pikirleriniň XXI asyrda-da öz ähmiýetini ýitirmän gelýändigini görkezýär.

Ikinji film bolsa Arkadag şäherine bagyşlanypdyr. Onda sebitde ilkinji «akylly» şäher hökmünde öňdebaryjy tehnologiýalaryň, ekologiýa ölçegleriniň we durnukly ösüş ýörelgeleriniň üstünlikli ornaşdyrylyşy görkezilýär.

«TRT Avaz» teleýaýlymy 16 ýyldan bäri möhüm wezipe ýerinäni ýetirýär – ol türki halklaryň arasyndaky medeni we ruhy köpri hökmünde çykyş edýär» diýip, «TRT Avaz» teleýaýlymy utgaşdyryjysy Ýujel Kylyçkaýa belledi.

Politehniki orta hünär okuw mekdebi

Baş sahypa

Dalaşgär üçin

Okuw meýilnamalar

Biz barada

Habarlaşmak üçin

Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64

Telefon: +993 12 34-58-00

Telefon: +993 12 34-69-59

Email: info@politehnikum.edu.tm