07.10.2025
5-nji oktýabrda Indoneziýanyň Bogor şäherinde tamamlanan ýaş oglan-gyzlaryň, ýetginjekleriň we ýetginjek gyzlaryň arasynda geçirilen sambo boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy jemi sekiz medal gazandy.
Türkmen türgenleriniň gazanan medallarynyň arasynda 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç bar. Dünýä çempiony diýen ada Yslam Hemraýew (71 kg, ýetginjekler, göreş sambosy) we Alyhan Aýdogdyýew (58 kg, ýetginjekler, göreş sambosy) mynasyp boldular.
Aýdogdyýew bilen russiýaly türgen Artýom Nesterowyň arasynda 58 kg agram derejesindäki final tutluşygy ýerli guramaçylarynyň ýalňyşlygy sebäpli geçirilmedi — guramaçylyk komiteti final tutluşyklarynyň wagtyny bir sagat öňe süýşürip, ähli gatnaşyjylara bu barada habar bermändir. Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti Wasiliý Şestakow iki türgeni hem ýeňiji hökmünde yglan edip, altyn medal bilen sylaglamak kararyna geldi. Bu çözgüt milli wekiliýetler tarapyndan goldanyldy.
Kümüş medallara Rasul Jabraýylow (64 kg, ýetginjekler, göreş sambosy), Mälikberdi Begiýew (88 kg, ýetginjekler, göreş sambosy) we Ykbal Saparowa (50 kg, ýetginjek gyzlar, sport sambosy) mynasyp boldular.
Bürünç medallary bolsa Ilşat Döwranow (58 kg, ýaş oglanlar, sport sambosy), Mähriban Pälwanowa (59 kg, ýaş gyzlar, sport sambosy) we Annamuhammet Annamuhammedow (64 kg, ýaş oglanlar, sport sambosy) gazandylar.
Bu halkara çempionat Indoneziýada ilkinji gezek geçirildi. Ýaryşa 34 ýurtdan jemi 371 türgen gatnaşdy. Sport we göreş sambosy boýunça medallar ugrundaky tutluşyklar 16–18 hem-de 18–20 ýaş aralygyndaky derejelerde geçirildi.
15.10.2025
15.10.2025
15.10.2025
07.10.2025
07.10.2025
Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64
Telefon: +993 12 34-58-00
Telefon: +993 12 34-69-59
Email: info@politehnikum.edu.tm