Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň talybynyň ýazan makalasy

20.12.2025

ARAGATNAŞYK ULGAMYNDA ÝETILEN SEPGITLER.

Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýörelgeleriniň sarpasy belent hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi bilen eziz Diýarymyz ösüşiň täze tapgyryna, tehnologiýa özgerişlikleriň belent sepgitlerine tarap ynamly öňe barýar.

Mälim bolşy ýaly, Täze — 2026-njy ýylyň bosagasynda Täze ýyl şatlygyna beslenen bagtyýar halkymyz bu ugurda gazanylýan uly ösüşlere, durmuşa geçirilýän özgertmelere çäksiz buýsanýar. Sanly hyzmatlardan gündelik durmuşynda işjeň peýdalanýan ildeşlerimiz milli aragatnaşyk ulgamynyň geljek ýyldaky täzeçilliklerine hem sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Ýurdumyzda kabul edilen 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi bilen eziz Diýarymyzyň dürli pudaklarynda oňyn ösüşler we özgertmeler gazanyldy. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek, ähli pudaklarda ýerine ýetirilýän işleri ýeňilleşdirmekde we ykdysady-durmuş ýagdaýlarynda amatlyklary döretmekde uly ähmiýete eýe boldy.

Bu bolsa diňe bir sanly hymatlaryň we täzeçillikleriň peýda bolmagyna däl, eýsem, adamlaryň dünýägaraýşynyň giňelmegine we täze tehnologiýalara we tehnikalara islegiň artmagyna getirdi.

Bu ugurda, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň kabul edilmegi, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy derejelere ýetmekden, önümçilige ylmy işleri ornaşdyrmakdan, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň netijeli ösmegi üçin amatly şertleri döretmekden, öňdebaryjy önümçilik tehnologiýalaryny dolanyşyga we kanunçylyga ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bu düzümi uzak möhletleýin esasda kämilleşdirmegiň ýolunda iň möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegi häzir hem depginli dowam etdirilýär.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen, Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli, aragatnaşyk we internet ulgamynyň 5G tehnologiýasy işe girizildi.

5G tehnologiýasynyň ýola goýulmagy tehnologiýa ösüşiniň täze tapgyryna ädim bolmak bilen, sanly ulgam, emeli aň, «akylly şäherleriň» netijeli ulanylyşyny ýola goýmak we bu ugurda geljekde üstünlik gazanmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyklaryň gerimini giňeltmek we sanly howpsuzlyk babatynda giň mümkinçilikleri açar.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup, ylym, tehnologiýalar we innowasiýalar boýunça netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň nusgasy hökmünde çykyş edýär.

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda Pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny ornaşdyrylmak boýunça bilelikdäki taslama üstünlikli durmuşa geçirildi. Bu ulgam döwlet edaralarynyň arasynda netijeli maglumat alyş-çalşygy üpjün edýär, açyklylygy ýokarlandyrýar, raýatlaryň hem-de işewürleriň bähbitleri babatynda elektron hyzmatlaryň sanyny artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryna innowasiýalaryň doly ornaşmagy we sanly ulgama geçilmegi bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha pugtalanyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Bu bolsa döwrüň esasy talaby bolup, sanly ulgamy ösdürmek, aragatnaşyk pudagynyň hünärmenleriniň baş maksady bolup durýar.

Ýurdumyzyň halkara abraýyny belent sepgitlere çykarýan, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys!

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn!

Taýýarlan: Almagül Geldiýewa
307-nji “Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş” hünäriniň talyby

Politehniki orta hünär okuw mekdebi

Baş sahypa

Dalaşgär üçin

Okuw meýilnamalar

Biz barada

Habarlaşmak üçin

Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64

Telefon: +993 12 34-58-00

Telefon: +993 12 34-69-59

Email: info@politehnikum.edu.tm