Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tokioda Imperator Naruhito bilen duşuşdy

20.12.2025

Tokioda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün Ýaponiýanyň imperatory Naruhito bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutany gepleşikleriň başynda Imperator Naruhito bilen şu ýylyň dowamynda ikinji gezek duşuşýandygyny aýdyp, şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezident Imperatory Osakada geçirilen «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylandygyna kanagatlanma bildirilip, ýokary tehnologiýalar, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, maglumat çözgütleri, durnukly ösüş ýaly ugurlarda özara gatnaşyklaryň has-da çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirildi. Hususan-da, ekologik howpsuzlyk, «ýaşyl» energetika, suw serişdelerini dolandyrmak, ekologik tehnologiýalar ýaly ulgamlarda Ýaponiýanyň toplan tejribesiniň türkmen tarapynda aýratyn gyzyklanma döredýändigi aýdyldy. Şeýle-de taraplaryň ylym-bilim, medeniýet, ylmy we akademiki alyşmalar babatda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Politehniki orta hünär okuw mekdebi

Baş sahypa

Dalaşgär üçin

Okuw meýilnamalar

Biz barada

Habarlaşmak üçin

Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64

Telefon: +993 12 34-58-00

Telefon: +993 12 34-69-59

Email: info@politehnikum.edu.tm