20.12.2025
Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek hem-de ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň işjeň agzalary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de bäsleşikde ýeňiji bolanlar gatnaşdylar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy, şeýle-de hemişelik Bitaraplygyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli, «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen bilelikde ýylyň başynda yglan eden bäsleşigi döredijilik bilen meşgullanýan türkmenistanlylaryň uly gyzyklanmasyna eýe boldy.
Netijede, 2025-nji ýylyň bütin dowamynda «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna bu bäsleşige hödürlenilýän, beýan ediliş täri, döwrebaplygy, täsirli hem ähmiýetli pikirlere we maglumatlara baýlygy boýunça biri-birinden tapawutlanýan makalalaryň ençemesi gelip gowuşdy.
Döredijilik bäsleşiginde eminleriň gelen netijesine laýyklykda, ýazyjy Ahmet Halmyradow hem-de şahyr Bibi Orazdurdyýewa baş baýraga mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ejegyz Çaryýewa, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň baş hünärmeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty Maýagözel Babaýewa, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty Juma Orazgylyjow, Medeniýet ministrliginiň teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty Agamyrat Baltaýew, «Türkmenistan» gazetiniň habarçysy Oraz Abdyýew, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň edebi işgäri Dursun Tekäýewa dagy bolsa bäsleşigiň umumy ýeňijileri diýlip yglan edildi.
Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
20.12.2025
20.12.2025
20.12.2025
20.12.2025
19.11.2025
Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64
Telefon: +993 12 34-58-00
Telefon: +993 12 34-69-59
Email: info@politehnikum.edu.tm