18.06.2025
Portugaliýanyň meşhur futbolçysy Kriştianu Ronaldu ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa ýörite ýazgy ýazylan we goly çekilen futbolkasyny şahsy sowgat hökmünde berdi.
Bäş gezek «Altyn top» baýragynyň eýesi bolan Ronaldunyň sowgadyny Ýewropa Geňeşiniň başlygy Antoniu Koşta gowşurdy. Bu barada ABŞ-nyň Prezidentiniň ýörite kömekçisi we kommunikasiýalar boýunça geňeşçisi Margo Martin sosial ulgamlarda habar berdi.
Golundan başga-da, dünýä meşhur futbol ýyldyzy futbolkanyň ýüzüne aýratyn sözler ýazypdyr: «Prezident Donald J. Trampa parahatçylyk ugrunda çykyş edýän lider hökmünde». Şeýle etmek bilen Ronaldu ABŞ-nyň döwlet baştutanynyň parahatçylyk ugrundaky tagallalaryny belläp geçmek isläpdir.
24.06.2025
24.06.2025
24.06.2025
18.06.2025
18.06.2025
Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64
Telefon: +993 12 34-58-00
Telefon: +993 12 34-69-59
Email: Info@politehnikum.edu.tm