24.06.2025
Şu gün Türkmenistanda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurtda her ýylyň 27-nji iýunynda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanylyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilişi ýaly, bu giň gerimli döredijilik çäresi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda 2013-nji ýyldan bäri her ýyl ýurduň bir sebitinde geçirilip gelinýär. Medeni forumyň çäklerinde geçirilýän dürli çärelerde ýurduň ösüşleri, opera, aýdym-saz, kino we teatr, şekillendiriş, amaly-haşam, edebiýat ýaly ugurlarda döredijilik mümkinçilikleri beýan edilýär.
Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Medeniýet ministrliginiň, ýurduň döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary hem-de talyplar gatnaşdylar.
Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda belli teatr artistleri, estrada we halk aýdymçylary, muzeý, kitaphana işgärleri, sazandalar, suratkeşler, ýazyjy-şahyrlar, ýurduň ähli welaýatlaryndan döredijilik hem-de folklor-etnografik toparlar bar.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda myhmanlar duz-çörek bilen garşylanyldy. Binanyň eýwanynda şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerini, ýurduň muzeýleriniň gaznalarynda saklanýan gymmatlyklary özünde jemleýän sergi hem ýaýbaňlandyryldy.
Açylyş dabarasynda ilki Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi.
Soňra «Türkmeniň ak öýi» binasynyň sahnasynda sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň – dürli milli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň we meşhur aýdym-saz toparlarynyň konserti geçirildi. Onda artistleriň çykyşlary Bitarap Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan ösüşleriniň esasy tapgyrlaryny görkezýän wideoşekiller bilen utgaşdy.
Konsert tamamlanandan soňra, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän desgasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýurduň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň hatyrasyna toý sadakasy berildi.
Soňra çäreler dünýädäki ilkinji we ýeke-täk bugdaý muzeýi bolan Milli «Ak bugdaý» muzeýinde dowam etdi.
Hepdeligiň çäklerinde şu gün «Halkymyzyň medeni mirasyny toplamakda, gorap saklamakda we olary ylmy esasda öwrenmekde muzeýleriň orny» atly muzeý hünärmenleriniň okuw-usuly maslahaty hem geçirildi.
Forumyň çäklerinde Kaka etrabynyň medeniýet öýünde Ahal welaýatynyň halk teatrlarynyň, drama toparlarynyň, teatr studiýalarynyň döredijilik işgärleriniň usuly maslahaty geçirildi. Agşam bolsa Kaka etrabynyň halk teatrynyň «Şükür bagşy» atly sahna oýnunyň görkezilişi boldy.
Dabaralar Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Ahal welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň we çagalar sungat mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň bilelikdäki konserti bilen dowam etdi.
Hepdeligiň dowamynda Änew şäheriniň, Bäherden we Gökdepe etraplarynyň Medeniýet öýleri Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň medeniýet-sungat ussatlarynyň, aýdym-saz we tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlarynyň geçirilýän ýerine öwrüler.
Bir hepdeläp dowam etjek medeni forumyň çäklerinde meşhur ýerine ýetirijileriň we ýaş zehinleriň çykyşlaryny, surat, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, golýazmalaryň we saz gurallarynyň sergilerini, opera we teatr eserleriniň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan düşürilen täze filmleriň görkezilişini, usulyýet çärelerini, okuw maslahatlaryny, metbugat maslahatyny, aýdym-saz we edebi döredijilik duşuşyklaryny, goşgy agşamlaryny guramak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanda şu ýyl Medeniýet hepdeligi «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary bilen geçirilýär.
24.06.2025
24.06.2025
24.06.2025
18.06.2025
18.06.2025
Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64
Telefon: +993 12 34-58-00
Telefon: +993 12 34-69-59
Email: Info@politehnikum.edu.tm