Türkmenistanly küştçi Daşkentdäki halkara ýaryşa gatnaşýar

24.06.2025

Türkmenistanly grossmeýster Saparmyrat Atabaýew Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçirilýän halkara ýaryşa gatnaşýar. Ol umumy baýrak gaznasy 121 müň 500 amerikan dollaryna barabar bolan «UzChess Cup-2025» turniriniň «Futures» toparçasynda çykyş edýär. Bu barada uza.uz saýty habar berýär.

Düýn ýaryşyň dördünji tapgyrynyň oýunlary geçirildi. Onda türkmen küştçüsi ysraýylly Ýewgeniý Alekseýew bilen deň oýnady. Dördünji tapgyryň jemlerine görä, Saparmyrat Atabaýew 2,5 utuk bilen öz toparçasynda ikinji orny eýeläp dur. Bu toparçada birinji ýerdäki özbegistanly Ortik Nigmatowda 3,5 bar. Saparmyrat bilen deň utuk toplan Ýewgeniý Alekseýew bolsa üçünji ýerde barýar.

Şu gün Saparmyrat Atabaýew özbegistanly Humoýun Begmuratow bilen güýç synanyşar.

Ýeri gelende bellesek, «Masters», «Challengers», «Futures» we «Open» toparçalarynda geçirilýän «UzChess Cup-2025» turnirine dünýäniň dürli ýurtlaryndan 150-den gowrak türgen gatnaşýar.

19-njy iýunda başlanan turnir 28-nji iýuna çenli dowam eder.

Politehniki orta hünär okuw mekdebi

Baş sahypa

Dalaşgär üçin

Okuw meýilnamalar

Biz barada

Habarlaşmak üçin

Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64

Telefon: +993 12 34-58-00

Telefon: +993 12 34-69-59

Email: Info@politehnikum.edu.tm