“Türkmenaragatnaşyk” agentliginde Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi Geňeşi wagyz-nesihat duşuşygy geçirdi.

18.06.2025

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginde Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen bilelikde guramagynda “Ösüşlere beslenen asuda, parahat watanyň zenanlary” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresine aragatnaşyk pudagynda zähmet çekýän zenanlarymyz gatnaşdylar.

Bu çärede çykyş edenler ýaşlarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek, ýurdumyzyň asudalygyny gorap saklamak, zyýanly endiklerden daşda durmak barada durmuşdan alnan mysallar arkaly çykyş etdiler. Şeýle hem çykyşlarda gelin-gyzlarymyzyň saglygyny goramak, olaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren edep-ekramlylyk, sypaýylyk, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de olarda milli gymmatlyklarymyza bolan sarpany oýarmak biziň her birimiziň borjumyzdyr diýip aýratyn bellenilip geçildi.

Çykyş eden wekiller her bir zenanyň umumy etiki kadalaryny we işde, köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň düzgünleri berjaý etmek barada öwüt-ündew etdiler.

Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda ýurdumyzda zenanlarymyzyň täze döwrebap, ösen tehnologiýaly binalarda zähmet çekmekleri üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri uçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Gyrmyzy SÖÝEKOWA
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň
Politehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy,
Ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy

Politehniki orta hünär okuw mekdebi

Baş sahypa

Dalaşgär üçin

Okuw meýilnamalar

Biz barada

Habarlaşmak üçin

Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64

Telefon: +993 12 34-58-00

Telefon: +993 12 34-69-59

Email: Info@politehnikum.edu.tm