12.08.2025
Ozal habar berşimiz ýaly, 11-nji awgustda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda meşhur döredijilik işgäri, Türkmenistanyň Gahrymany, ussat halypa şahyr Gözel Şagulyýewanyň 85 ýaşynyň dolmagy mynasybetli dabara geçirildi.
Dabaranyň barşynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Sekretariatynda Türkmenistanyň resmi wekili L.Öwezgeldiýewa hem çykyş edip, şahyryň doglan gününiň hormatyna «Türki dünýäsinde zenan we kelam» atly goşgular ýygyndysynyň dokuz dilde – türkmen, azerbaýjan, gazak, gyrgyz, özbek, türk, iňlis, fransuz we rus dillerinde çap edilendigini habar berdi hem-de bu kitabyň ilkinji nusgasyny Gözel Şagulyýewa gowşurdy.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Sekretariatynda Türkmenistanyň resmi wekili şeýle hem şahyryň bu täze kitabynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halklary, döwletleri we medeniýetleri birleşdirýän özboluşly köpri hökmünde parahatçylygyň owazy bolup ýaňlanmagyny arzuw etdi.
16.08.2025
15.08.2025
15.08.2025
12.08.2025
12.08.2025
Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64
Telefon: +993 12 34-58-00
Telefon: +993 12 34-69-59
Email: info@politehnikum.edu.tm