16.08.2025
Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndysy 18-20-nji awgust aralygynda Daşkentde geçiriljek Merkezi Aziýanyň kubogy ýaryşyna gatnaşmak üçin Özbegistanyň paýtagtyna ugrady.
Ýaryşda sebitiň iň güýçli türgenleri bäsleşerler. Bu ýaryş türkmen karateçileri üçin aýratyn ähmiýete eýedir, sebäbi ol 2025-nji ýylyň 28-31-nji noýabr aralygynda Ýaponiýanyň Maýebasi şäherinde geçiriljek dünýä çempionatyndan öň möhüm taýýarlyk tapgyry bolup bolup durýar.
Türkmen türgenleriniň wekiliýetine Meýlis Paşagulyýew ýolbaşçylyk edýär. Ýygyndy toparyň düzüminde dürli ýaş derejeleri boýunça 40 türgen we üç tälimçi bar. Ýygyndynyň hatarynda ýaş, geljegi bolan türgenler bilen birlikde tejribeli karateçiler hem bar.
Wekiliýetiň ýolbaşçysynyň beren maglumatyna görä, ýygyndy toparyň ähli agzasy kiokuşinkaý karate boýunça sebitleýin ýaryşlarda Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmek maksady bilen, Daşkentde geçjek ýaryşa degişli derejede taýýarlyk türgenleşiklerini geçdiler.
16.08.2025
15.08.2025
15.08.2025
12.08.2025
12.08.2025
Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64
Telefon: +993 12 34-58-00
Telefon: +993 12 34-69-59
Email: info@politehnikum.edu.tm