Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

15.08.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, Premýer-ministri Narendra Modä we ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany hatynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini, mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de täze sepgitlere ýetirilmegine uly ähmiýet berýändigini tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidenti mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministr Narendra Modä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Hindistan Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Politehniki orta hünär okuw mekdebi

Baş sahypa

Dalaşgär üçin

Okuw meýilnamalar

Biz barada

Habarlaşmak üçin

Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64

Telefon: +993 12 34-58-00

Telefon: +993 12 34-69-59

Email: info@politehnikum.edu.tm