15.08.2025
Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada «Ýaňlan, Diýarym! ― 2025» telebäsleşiginiň Lebap welaýaty boýunça tapgyry geçirildi.
«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, oňa ýurduň gündogar sebitiniň etrapdyr şäherlerinden gelen ýaş ýerine ýetirijileriň 10-sy gatnaşdy.
Habarda bellenilişi ýaly, bäsleşikli ýollary geçen ýaş zehinler welaýat tapgyrynyň ýeňijisi bolmak üçin yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmadylar. Eminler ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyna, sahnada özüni alyp barşyna, aýdymlaryň sözüniň dogry we täsirli aýdylyşyna aýratyn üns berdiler. Aýdymçylar watansöýüjilik, halallyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly ýörelgeleri wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Eminleriň gelen netijesine laýyklykda, Darganata etrabynyň medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Durdymyrat Abdullaýew we Saýat etrabynyň medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Resul Guwanjow ýeňiji diýlip yglan edildi.
Netijede, olar bäsleşigiň döwlet tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.
16.08.2025
15.08.2025
15.08.2025
12.08.2025
12.08.2025
Adres: Aşgabat şäheri, 2029 köçe j. 64
Telefon: +993 12 34-58-00
Telefon: +993 12 34-69-59
Email: info@politehnikum.edu.tm